Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada Ýuliýa Timoşenko garşy täze jenaýat işi gozgaldy


Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko garşy täze jenaýat işi gozgaldy. Bu barada Ukrainanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy habar berýär.

“Häzir deslapky derňew işleri geçirilýär. Men bu barada anyk maglumatlary, hususanda, jenaýat işine degişli delilleri aýan edip biljek däl. Ýöne, derňew işlerinde Tymoşenko garşy aýyplama bildirer ýaly ýeterlik derejede delil toplandy” diýip, Ukrainanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygy Iwan Derewýanko aýtdy.

Maglumata görä, Timoşenko 1990-njy ýyllarda “Ukrainanyň bütewi energiýa sistemalary” korporasiýasynyň başlygy bolan döwründe 405 million dollar möçberinde pul serişdelerini ogurlamakda şübhelenýär.

Sişenbe güni Timoşenko wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykmakda aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň üstünden geçirilen bu sud işi syýasy matlap bilen gurnalan diýlip, giňden ýazgarylypdy.
XS
SM
MD
LG