Sepleriň elýeterliligi

Kaspiý deňzinde ýük gämisi betbagtçylyga uçrady


Düýn Kaspiý deňzinde “Grigoriý Bugrow” gämisi betbagtçylyga uçrady. Gäminiň üstündäki 14 adam halas edildi.

Gämide deşik peýda bolandygy sebäpli, onuň maşyn bölümi suwa çümüpdir. Bu gämide 6 müň tonna mazut bar.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň Dagystandaky edarasynyň metbugat gullugy mazudyň deňze akmandygyny, ýöne muňa garamazdan, suwuň ýüzündäki nebiti ýygnap almaga ýöriteleşdirilen gäminiň betbagtçylyk bolan ýere ugradylandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG