Sepleriň elýeterliligi

Belarusly oppozisioner Çehiýa Respublikasynda galar


Belarusyň prezidentligine öňki kandidat, oppozision syýasatçy Ales Mihalewiç öz watanyna ugradylmaz. Bu barasynda düýn Praganyň sudy karar çykardy.

Mihalewiç we prezidentlige ýene-de birnäçe kandidat ýüzlerçe tarapdarlary bilen geçen ýylyň dekabrynda Minskide tussag edilipdi. Şonda olar saýlawlaryň netijelerine protest bildiripdiler.

Olar şol saýlawlaryň netijeleriniň galplaşdyrylandygyny aýdyp, muňa protest bildiripdiler.

Mihalewiç Belarusyň KGB-siniň derňew izolýatorynda iki aý oturandan soň, boşadylypdy. Şondan soň ol Çehiýa Respublikasyna gaçyp bardy.
XS
SM
MD
LG