Sepleriň elýeterliligi

Moldowanyň parlamenti çinownikleriň işine garap başlady


Düýn Moldowanyň parlamenti Informasiýa we howpsuzlyk gullugynyň direktory Georgi Mahaýy wezipesinden boşatdy.

Ýakyn hepdelerde bu ýurduň baş prokuroryny hem-de maliýe bazary boýunça milli komissiýasynyň başlygyny hem deputatlaryň işden boşatmagyna garaşylýar.

Moldowanyň partlamenti eýýäm iki ýyl bäri ýurduň prezidentini saýlap bilmän gelýär. Eger deputatlara özara dil tapyşmak başartmasa, soňky iki ýylda eýýäm dördünji parlament saýlawlaryny geçirmeklik garaşýar.
XS
SM
MD
LG