Sepleriň elýeterliligi

Terroristik “Hakgany” toparynyň täsirli bir agzasy öldürildi


Pakistandaky “Hakgany “ terroristik toparynyň örän täsirli agzalarynyň biri Ýanbaz Zadranhadyň Pakistanda öldürilendigini düýn ýokary derejeli amerikan resmisi tassyklady.

Adynyň tutulmagyny islemedik resminiň sözlerine görä, Zadranhad Kabuldaky we Owganystanyň günorta-gündogaryndaky amerikan we halkara obýektlerine hüjüm gurnamak bilen meşgullanypdyr.

ABŞ “Hakgany” toparyny sentýabr aýynda Kabuldaky amerikan ilçihanasyna we NATO-nyň wekilhanasyna hüjüm gurnamakda-da aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG