Sepleriň elýeterliligi

Italýan parlamenti premýer-ministriň ynam meselesine sereder


Şu gün italýan parlamenti premýer-ministr Silwio Berluskona ynam sesini bermek meselesine sereder. Bu ses berişlik ýurtdaky bergi krizisi bilen bagly aladalaryň artmagy we premýeriň şahsyýetiniň töweregindäki dawalar bilen bagly geçirilýär.

Eger aram sagçylaryň dolandyryjy koalisiýasy ses berişlikde ýeňilse, Berluskoni wezipeden gitmeli bolar.

Ýakynda kredit agentligi ýewrozonadaky iň uly býujet defisitli ýurtlaryň biri hökmünde Italiýanyň reýtingini aşak düşürdi.
XS
SM
MD
LG