Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň kongresmenleri Türkmenistana ýüzlendiler


"Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçisine ýollanan hatda D.Ýazgulyýew bilen bagly bu wakanyň türmelerde saklanýan ençeme beýleki sýyasy tussaglar bilen bagly aladany-da has artdyranlygy nygtalýar".

"Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçisine ýollanan hatda D.Ýazgulyýew bilen bagly bu wakanyň türmelerde saklanýan ençeme beýleki sýyasy tussaglar bilen bagly aladany-da has artdyranlygy nygtalýar".

ABŞ-nyň dört konresmeni, şol sanda Senatyň daşary gatnaşyklar komitetiniň ýolbaşçysy senator Jon Kerri Azatlyk Radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýewiň ýagdaýy barada alada bildirip, Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçisine ýörite hat ýollady.


Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew geçen hepde 5 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Žurnaliste garşy görülen bu çäre onuň žurnalistik işii bilen baglanyşykly diýlip hasaplanylýar.

Döwletmyrat Ýazgulyýewiň ykbalyna alada bildirip ýazylan hata, hususan-da, ABŞ-nyň Senatynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň ýolbaşçysy senator Jon Kerri, kongresmenler Riçard Durbin, Benjamin Kadrin we Kirsten Gilibrand dagylar gol goýupdyrlar. Bulardan kongresmen Benjamin Kadrin ABŞ-nyň Helsinki komissiýasynyň hem egindeş ýolbaşçysy wezipesini eýeleýär.

Olar Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meret Orazowa 12-nji oktýabrda ýollan hatynda “jenap Ýazgulyýewe adalatly sud edilmändigi baradaky maglumatlary derňemeklige hem-de oňa adalatly sud diňlenişiginiň geçirilmegine we ol diňlenişigiň-de kanunçylygyň talaplaryna laýyk bolmagyna” çagyryş edipdirler.

“Žurnalistik işleri bilen bagly”

D.Ýazgulyýew 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň ahal welaýatynda tussag edilipdi. Oňa garşy maşgala agzalaryndan birini janyna kast etmäge synanyşyga mejbur etmekde günä bildirildi.

Ýagulyýewiň maşgala agzalary žurnaliste garşy galp beýanat bermekleri üçin özlerine howpsuzlyk güýçleri tarapyndan basyş edilenligini aýdyp, soňra Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we ýurduň baş prokuroryna hat ýollandyklaryny aýdýarlar.

Olar Döwletmyrat Ýazgulyýewe garşy görülen bu çäräniň onuň žurnalistik işleri bilen baglydygy we onuň sýyasy äheňli bir ädimdigi barada özlerinde ýeterlik dokumentiň bardygyny aýtdylar.

Žurnalist Ýazgulyýew bilen bagly 5-nji oktýabrda geçirilen sud diňlenşigi kadaly iş sagadynyň daşynda we ýapyk gapylaryň aňyrsynda amala aşyrylypdy. Şol diňlenşikde Ýazgulyýewiň aklawçysy hem bolmandy.

ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň ýokary derejeli agzasy kongresmen Howard Berman Döwletmyrat Ýazgulyýew azatlykdan mahrum edilenden soňra Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Ýazgulyýew barada gelnen şol kararyň erkin jemgyýetlerde çydam edip bolmajak bir hereketdigini aýdypdy.

“Türkmenistanyň hökümeti ýurduň raýatlarynyň söz azatlygy boýunça hukugynyň bardygyna göz ýetirmeli. Eger Türkmenistan adalatly bir ýurt bolmak isleýän bolsa, ýurdy dolandyrmak boýunça demokratik düzgünleri ýola goýmaly, köp pikirlilige hormat goýmaly, söz we metbugat azatlygyny kepillendirmeli. Men bu meseleler barada mundan 5-6 aý ozal Türkmenistanyň prezidentine hat ugradypdym, ýöne onuň hiç zada peýdasy degmedik ýaly. Hökümet erkin jemgyýetlerde çydam edip bolmajak şol bir ýanamalary we jenaýata çekme usullaryny ulanýan ýaly görünýär” diýip, kongresmen H.Berman belläpdi.

Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Korn hem žurnaliste garşy çykarylan şol hökümi rehimsiz çäre diýip häsiýetlendirdi.

“Bu galplaşdyrylan sud prosesi we onuň çykaran rehimsiz hökümi habar serişdelerine gezek gelende Türkmenistanyň häkimiýetleriniň hiç bir kanuna we standarta hormat goýmaýandyklaryny görkezdi. Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy bu hökümi berk ýazgarýar we halkara jemgyýetçiligini-de bu işi ýazgarmaklyga çagyrýar” diýip, Stiwen Korn nygtady.

Ýene hukuk meselesi ýüze çykdy

Žurnalist D.Ýazgulyýew iýul aýynda Abadanda ýarag ammarynda bolan partlamalar barada ilkinji bolup habar beren žurnalistlerden biri bolupdy. Hökümet ilki başda şol partlamalary kiçijik bir waka diýip görkezip, onuň üstüni örtmäge synanyşypdy.

Şol wakadan soňra Ýazgulyýew şu wakalary suratlandyrmakdaky eden žurnalistik işleri bilen bagly howpsuzlyk edarasyna çagyrylypdy we oňa duyduruş berilipdi.

Indi köp ýyllardan bäri Türkmenistan halkara guramalary tarapyndan metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça dünýäde iň repressiw ýurtlardan biri diýlip häsiýetlendirilip gelinýär.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy, düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Freedom House” guramasy we žurnalistleri goramak boýunça Komitet D.Ýazgulyýewe garşy görülen bu çäräniň oňa garşy žurnalistik işleri boýunça ar almak maksady bilen ädilen ädimdigini aýdyp, beýanat ýaýratdylar.

ABŞ-nyň kongresmenleri tarapyndan 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçisine ýollanan hatda D.Ýazgulyýew bilen bagly bu wakanyň türmelerde saklanýan ençeme beýleki sýyasy tussaglar bilen bagly aladany-da has artdyranlygy nygtalýar.

Hatyň şol sýyasy tussaglar baradaky böleginde ynsan hukuklaryny goraýjy Türkmen Helsinki fondunyň agzaylary Annagurban Amangylyjowyň, Sapardurdy Hajyýewiň we graždan aktiwisti Gulgeldi Annaniýazowyň-da atlary agzalýar.

Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasy bu hat bilen baglanyşykly maglumat bermekden saklandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG