Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýran bilen “göni kontakta” çykdy


"Saud Arabystanynyň ilçisini öldürmek baradaky gizlin plan beýanat eden prezident Barak Obama muny 'Tähranyň howply we pähimsiz edim-gylymynyň ülňüsiniň bir bölegi' diýip atlandyrdy.

"Saud Arabystanynyň ilçisini öldürmek baradaky gizlin plan beýanat eden prezident Barak Obama muny 'Tähranyň howply we pähimsiz edim-gylymynyň ülňüsiniň bir bölegi' diýip atlandyrdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Saud Arabystanynyň ilçisini öldürmek baradaky dildüwşük sebäpli özüniň Eýran bilen “göni kontakta” çykandygyny aýdýar.


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Wiktoria Nuland penşenbe güni Waşingtonda: “Biz Eýran bilen habarlaşdyk. Men size mundan artyk maglumat bermekçi däl. Ýöne bu mesele barada Eýran bilen göni kontaktymyzyň bolandygyny aýdýaryn” diýdi.

Nuland bu kontaktyň çarşenbe güni bolandygyny, ýöne onuň haýsy derejelerde ýa haýsy kanallaryň üsti bilen amala aşyrylandygyny aýtmady.

Birleşen Ştatlaryň Eýran bilen gatnaşygy ýok. Tähranda Waşingtona diňe Şweýsariýanyň ilçihanasy wekilçilik edýär.

“Öňegidişlige getirjekdigi belli däl”

Aýdylýan dildüwşük barada Waşington bilen Tähranyň arasynda gürleşere köp zatlaryň bardydy belli. Ýöne häzir bu waka barada iki ýurduň arasyndaky jenjel güýjäp ýörkä, bu gepleşigiň nähili öňegidişlige getirjekdigi belli däl.

Saud Arabystanynyň ilçisini öldürmek baradaky gizlin plan hakda ilkinji gezek penşenbe güni beýanat eden prezident Barak Obama muny “Tähranyň howply we pähimsiz edim-gylymynyň ülňüsiniň bir bölegi" diýip atlandyrdy. Ol şeýle hem özüniň Eýranyň garşysyna berk sanksiýalaryň girizilmegini talap etjekdigini bildirip, Eýran hökümetiniň ýokary derejeli işgärleriniň öz edýän işlerine jogap bermelidigini aýtdy.

Eýran bolsa Waşington tarapyndan özüne bildirilýän bu aýyplamany ýörite toslap tapylan zat diýip, red edýär. Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Ali Ahani penşenbe güni: “Bu boş, pitneçilikli sahna şeýle bir gowşak gurnalan welin, oňa Amerikanyň öz mediasy-da, syýasy töwerekleri-de şübheli garaýarlar” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departmentiniň sözçüsi Wiktoria Nuland hem metbugat ýygnagynda muny ret etdi: “Bu aýdylýanlara seredeniňde ol kinodan çykan bir zada meňzeýär. Ilkinji reaksiýa her gezegem şeýle. Ýöne haçanda biziň bilýän zatlarymyz barada, bu zatary haçan we nädip bilendigimiz barada köpräk maglumat bereniňde, ynandyryjylykly bolýar, ynandyryjylyk şonda gelýär”.

Wakanyň garaňky taraplary

Aýdylyşyna görä, ekspertleriň aglabasyny ikirjiňlendiren bu işde şübhelenilýän Mansour Arbabsiaryň oýlanyşyksyz hereketleri bolupdyr. Arbabsiar Saud Arabystanynyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Adel al-Jubairi öldürmegi ýola goýmak üçin Meksikanyň neşe karteliniň wekili diýip pikir edýän bir adamsyna ýüz tutupdyr. Bu adam hem amerikan hökümetiniň gizlin habarçysy bolup çykypdyr. Arbabsiar şeýdip tutulypdyr.

Arbabsiary tanaýan adamlar, aýratyn-da goňşulary, onuň garjaşyk pikirli, kellesi çaşgyn adamdygyny aýdýarlar. Ýöne amerikan resmileri Arbabsiaryň bir ýakyn garyndaşy Abdel Reza Şahlaýynyň Eýranyň “Kuds” güýçleriniň ýokary derejeli işgärleriniň biridigi barada ellerinde subutnamanyň bardygyny öňe sürýärler. Şahlaýy ozal hem Birleşen Ştatlaryň garşysyna harby operasiýalara gatnaşan adam hasaplanylýar.

Waşington indi bu mesele boýunça özüniň Tähran bilen göni gürleşýändigini aýdýar. Şol sebäpden bu gepleşik ýagdaýa az-kem aýdyňlyk getirer diýen umyt ýok däl. Häzirki sorag Arbabsiaryň işi barada eýran režiminde nähili zatlaryň we näderejede bilinýänligi ýa-da tassyklnyp-tassyklanmaýanlygy.

Ýöne Waşington bu soraga entek jogap berenok. Bu işi eýran režimindäki käbir adamlaryň beýlekilerden habarsyz ýola goýan bolmagy ähtimalmy diýip soralanda, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Wiktoria Nuland: “Biz Eýranda içerki dawa-jenjelleriň barýandygyna ynanýarys. Bu dildüwşügiň gurnalmagy şol dartgynlylygy görkezýärmi ýa-da ýok, ony aýdyp biljek däl. Ýöne bu ýerde belli bir derejä çenli oýlanyşyksyz ýagdaýlar bara meňzeýär” diýip, jogap berdi.

Oýlanyşykly bolsa-bolmasa-da, Waşington bu planyň oýlap tapylan zat däldigine, çynlakaý gurnalandygyna ynanýar. Bu hem Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda täze dörän bu kirzisiň soňunyň nirä barjakdygynyň näbellidigini görkezýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG