Sepleriň elýeterliligi

“Transhazar” gepleşigi täzelik getirdimi?


Dan Susio: “Bu proýektiň amala aşyrylmagyna esasy howp häzir Ýewropa Bileleşiginde ýüze çykan bergi krizisinden abanýar”.

Dan Susio: “Bu proýektiň amala aşyrylmagyna esasy howp häzir Ýewropa Bileleşiginde ýüze çykan bergi krizisinden abanýar”.

Awstriýanyň prezidenti Heinz Fişer 13-nji oktýabrda Türkmenistana eden saparynyň çäginde Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşyp, gepleşik geçirdi. Bu gepleşikleriň dowamynda beýleki meseleler bilen birlikde türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak meselesine-de garalandygy aýdylýar.


Awstriýanyň prezidenti Heinz Fişer bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak üçin kanuny esaslaryň işlenip taýýarlanýandygyny nygtady. Ol bu mesele bilen bagly iki tarapyň gatnaşmagynda energiýa boýunça spesialistlerden düzülen işçi toparynyň döredilendigini belledi.

Awstiýanyň prezidentiniň Türkmenistana sapary bilen bagly “Trend” habar gullugynda ýaýradylan maglumatda resmi Aşgabadyň “Nabukko” proýekti üçin zerur bolan “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurluşygy boýunça gepleşiklere başlamagy ylalaşandygy aýdylýar.

“Başa barmazlygy mümkin”

Rumyniýanyň energetika boýunça ekspertlerinden biri, Rumyniýanyň Ylymlar Akademiýasynyň agzasy Dan Susio bu proýektiň gurluşygyna geljek birnäçe aýyň dowamynda başlanmasa, onuň başa barmajagyny çaklaýar.

“Biz bu proýekt bilen bagly Aşgabatda geçirilen hem geçiriljek gepleşikleriň jemleri jemlenip, olar bilen bagly anyk edilmeli işler hem olaryň möhleti kesgitlener diýip garaşýarys. ‘Transhazar’ gazgeçirijisiniň gurluşygyna ýakyn wagtda başlanmasa, türkmen tarapyna Orsýetden hem Hytaýdan hödürlenýän proýektler üstün çykyp biler” diýip, Dan Susio belledi.

Bilermeniň pikiriçe, “Transhazar” gazgeçirijisi boýunça edilmeli işler eýýäm gijikdirildi. Rumyniýaly energetika boýunça ekspert Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde bu proýektiň amala aşyrylmagyna esasy howpuň häzir Ýewropa Bileleşiginde ýüze çykan bergi krizisinden abanýandygyny nygtady. Ýagny, Dan Susio ýewrozonany halas etmek boýunça geçirilýän işleriň netijesinde başga proýektleriň amala aşyrylmagyna serişdeleriň ýetmezligi mümkin diýýär.

Azerbaýjanly ykdysatçy Azer Hasrat Awstriýanyň prezidentiniň ilki bilen Azerbaýjana, soňra-da Türkmenistana sapar etmegini Ýewropanyň Orsýetden başga energiýa çeşmelerini tapmak üçin dürli ýollar agtarýandygyna şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Bilermen Ýewropanyň türkmen gazyny almak üçin elden gelen tagallasyny etjekdigini çaklady.

Mumkinçilikler we talaplar

Azerbaýjanly ykdysatçy Azer Hasrat Orsýetiň täsirinden doly çykmak üçin Azerbaýjana hem Türkmenistana ýewropa ýurtlaryna gaz we nebit geçirip biljek proýektleri gurmagyň strategik taýdan uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Türkmenistanyň prezidenti hem Heinz Fişer bilen duşuşykda energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyňdyr Awstriýanyň strategik bähbitlerine gabat gelýändigini belledi.

Energetika boýunça rumyn eksperti Dan Susio türkmen tarapy bilen Ýewropanyň ylalaşmagyna kynçylyk döredýän meseleleriň biri hem ýurtdaky adam hukuklary bilen bagly ýagdaý diýýär.

Bilermen Dan Susio: “Ýewropa ýurtlary adam hukuklary berjaý edilmeýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmeýär” diýmek bilen, şu gezekki duşuşyklarda hem adam hukuklary bilen bagly meseläniň gozgalandygyny çaklady.

“Men energiýa bilen bagly geçirilýän gepleşiklerde adam hukuklary bilen bagly meseläniň türkmen häkimiýetleriniň öňünde keserdilip goýulmagyna garaşmaýaryn. Ýöne ýewropa tarapynyň bu meseläni gozgamagyny dowam etdirjekdigine ynanýaryn” diýip, rumyn eksperti Dan Susio belledi.

Awstriýanyň prezidentiniň Türkmenistana eden saparynyň netijesinde käbir beýleki meseleler bilen bir hatarda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi baradaky türkmen-awstriýa memorandumyna gol çekildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG