Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze hasabat Berdimuhamedowyň kisesinden söz açýar


"Keýt Wotersiň sözlerine görä, häzirki ýagdaý Türkmenistanyň nebit-gaz girdejileriniň diňe 20 prosent çemesiniň býujete goşulyp, galan 80 prosentiniň prezidentiň ygtyýarynda galmagyna şert döredýär".
"Keýt Wotersiň sözlerine görä, häzirki ýagdaý Türkmenistanyň nebit-gaz girdejileriniň diňe 20 prosent çemesiniň býujete goşulyp, galan 80 prosentiniň prezidentiň ygtyýarynda galmagyna şert döredýär".

Birleşen Ştatlardaky «Crude Accountability» guramasy Türkmenistanda halk gozgalaňlarynyň boljagyny çaklaýar.


Hökümete degişli bolmadyk «Crude Accountability» guramasynyň «Prezidentiň (Berdimuhamedowyň) şahsy kisesi: nebit, gaz we kanun» atly täze hasabatynda Türkmenistanyň energiýa pudagynda emele gelen howsalaly ýagdaý suratlandyrylyp, Berdimuhamedowyň ýurduň ummasyz energiýa serişdelerine öz mirasdary Saparmyrat Nyýazowa garanda hem has eden-etdilikli çemeleşýändigi aýdylýar.

Täze hasabatyň girişinde türkmen režiminiň günbatar hökümetleriniň we halkara institutlarydyr korporasiýalarynyň sessiz ylalaşygy netijesinde öz halkyny talaýandygy aýdylýar.

«Berdimuhamedowyň režimi iru-giç Orta Gündogar we Demirgazyk Afrika režimleriniň agdarylmagyna getiren problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolar» diýlip, hasabatda şu ýyl arap dünýäsinde bolan gozgalaňlaryň Türkmenistanda hem gaýtalanyp biljegi çaklanylýar.

“Doly Berdimuhamedowyň ygtyýarynda”

«Crude Accountability» guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Keýt Woters Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanyň prezidentiniň ýanynda uglewodorod resurslaryny ulanmak we dolandyrmak boýunça döredilen döwlet gullugy nebit-gazdan gelýän girdejini hökümetiň kontrollygyndan aýryp, doly bir adamyň, Berdimuhamedowyň ygtyýaryna berdi diýdi.

Wotersiň sözlerine görä, bu ýagdaý ýurduň nebit-gaz girdejileriniň diňe 20 prosent çemesiniň býujete goşulyp, galan 80 prosentiniň prezidentiň ygtyýarynda galmagyna şert döredýär.

12-nji oktýabrda çap edilen hasabatda: «Prezident Berdimuhamedow öz prezidentligi döwründe şu gulluk arkaly ähli ygtyýarlygy, karar çykarmagy, dolandyrmagy, has möhümi-de, nebit-gaz girdejilerini dine bir adamyň – öz elinde jemledi» diýilýär.

Türkmenistanyň içindäki aktiwistleriň-de ýardam bermeginde taýýarlan bu hasabatynda «Crude Accountability» türkmen hökümetiniň soňky wagtlarda girizen düzgünleşdirmeleri esasynda Berdimuhamedowyň ýurduň nebit-gaz girdejilerini öz kontrollygyna almak ugrunda eden yzygiderli tagallalaryna analiz beripdir.

«Türkmen häkimiýetleri we olaryň halkara partnýorlary öz edýän hem etmeýän hereketleri bilen Türkmenistanda rewolýusiýa getirip biljek ähli zady edýärler» diýip, hasabatda bellenýär.

Hasabatda ýene: «Häzirki türkmen režimi ewolýusiýa ukyply däl, ol muny subut etdi. Ol ýerde Tunisdäki ýaly ‘mahmal’ ssenariýa bolarmy ýa-da Liwiýadaky ýaly graždan urşy, taryhdan sapak alnyp bilermi ýa bilinmez, muny diňe wagt görkezer» diýilýär.

Bu garaýyş näderejede esasly?

Bu pikir bilen ylalaşmaýan synçylar hem bar. Şolaryň biri hem londonly ýewro-aziýa eksperti Annett Bohr. Ol bu meselede şeýle diýýär: «Meniň pikirimçe, köp zat energiýa sahnasynda boljak işlere bagly bolar, muny bilmek kyn. Türkmenistan häzir öz gazyny islendik ugur boýunça bazara çykarmakda problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Muňa garamazdan, ahyrky netijede, belki-de, 2015-2016-njy ýyllarda Gündogar geçirijisiniň kadaly ýola goýulmagy mümkin, beýleki ugurlar entek aýdyň däl. Onsoň men hakykatda bu golaýda Türkmenistanda rewolýusiýa ýagdaýyny göreris öýdemok».

Türkmenistanyň energiýa girdejileri Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelmezinden öň hem bir adamyň, prezident Nyýazowyň kontrollygynda bolupdy.

Hasabat Saparmyrat Nyýazowyň Türkmenistanyň energiýa ylalaşyklary meselesinde gaza baý Merkezi Aziýa ýurdunyň derweze sakçysy bolandygyny ýatladýar. Mysal üçin, 1997-nji ýylda kabul edilen kanuna görä, ähli energiýa tenderleri we ygtyýarlyklary hut prezidentiň özi tarapyndan tassyklanmaly edilipdi.

Nyýazow döwründe bu kanun energiýa pudagynda giň ýaýran korrupsiýany azaltmak niýeti bilen düşündirilipdi. Emma, hakykatda, «Global Witness» guramasynyň 2006-njy ýylyň aprelinde ýazmagyna görä, Nyýazow türkmen-ukrain gaz söwdasyndan gelýän girdejiden milliardlap dollary öz haýryna geçiripdir.

«Crude Accountability» guramasynyň ekspertleriniň gelen netijesine görä, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Aşgabadyň Günbataryň energiýa firmalary bilen has köp ylalaşyk baglaşmagyna gyzyklanýar. Aşgabat geografik taýdan-da Günbatar üçin amatly regionda, ýagny, Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň Owganystanda söweşýän harbylaryna üpjünçilik ýüklerini daşamaga mümkinçilik berýän demirgazyk koridorynyň ugrunda ýerleşýär.

Berdimuhamedowyň eden-etdilikli dolandyryşy Türkmenistanyň içinden geçýän ýoluň ugrunda durnuksyzlyk töwekgelligini hem ýokarlandyrýar diýip, «Crude Accountability» guramasy ýazýar.

Bu guramanyň gürrüňi edilýän hasabatynda getirilýän maglumatlaryň köpüsi türkmen hökümetiniň ile aýan eden dokumentlerine esaslanýar, olaryň käbiri rus hem türkmen dillerinde internetde-de goýlupdyr.

XS
SM
MD
LG