Sepleriň elýeterliligi

Eýranly kinorežissýor “Täze akym” baýragyny aldy


Şu gün eýranly kinorežissýor Aziýanyň iň uly kinofestiwallarynyň birinde baýraga mynasyp boldy. Morteza Farşbafyň “Matam” atly filmi Günorta Koreýada geçirilýän Busan Halkara film festiwalyndaky “Täze akym” baýraklarynyň birini aldy.

Berilýän iki baýragyň beýlekesini bolsa, filippinli režissýor Loy Arsenas özüniň “Nino” atly filmi üçin aldy.

Bu ýylky festiwalda onlarça ýurtdan 300 töweregi kinofilm görkezildi. Festiwal öz işini şu gün tamamlady.

Busan kinofestiwaly 16-njy gezek geçirildi. Munda, adatça, Aziýa sebitindäki kino režissýorlarynyň ilkinji işleri üns merkezinde bolýar.
XS
SM
MD
LG