Sepleriň elýeterliligi

BMG: Siriýada ölen adamlaryň sany 3 müňe ýetdi


Siriýada hökümete garşy protestleri basyp ýatyrmak çärelerinde ölen adamlaryň sany 3 müňden geçdi. Bu barada şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça Baş komissary Nawi Pilleý aýtdy.

Pilleý Siriýadaky wakalaryň “giň gerimdäki graždan urşuna” ýazmagynyň öňüni almak üçin, halkara jemgyýetçiligini çäre görmäge çagyrdy.

Adam hukuklary boýunça Baş komissar Nawi Pilleý şu gün Siriýada barha erbetleşýän adam hukuklarynyň ýagdaýy, şol sanda munuň adamlaryň janyna ýeterýän birehim täsiri boýunça özüniň çuňňur aladasyny bildirdi.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň aýtmagyna görä, düýn Siriýanyň demirgazyk we günorta sebitlerinde dörän çaknyşyklarda 20 töweregi adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG