Sepleriň elýeterliligi

Çilimler arzanlaýar


BSG-niň «Temmäkä garşy göreşmegiň» çarçuwaly Konwensiýasy adamlaryň temmäki önümlerine bolan isleglerini azaltmagy maksat edinýär.

BSG-niň «Temmäkä garşy göreşmegiň» çarçuwaly Konwensiýasy adamlaryň temmäki önümlerine bolan isleglerini azaltmagy maksat edinýär.

Şu ýylyň maýyndan ýokarlanyp başlan çilimleriň bahasy tomsuň soňky aýynda rekord derejä baryp ýetipdi. Awgustda Türkmenistanda iň arzan çilim 20 manat boldy. «Marlboro» ýaly çilimleriň bir gutusynyň bahasy 30 manada baryp ýetdi.

Oktýabrdan çilimleriň bahasy awgust aýyndaky bilen deňeşdireniňde 20-25% töweregi arzanlady. Häzir çilimleriň bir gutusynyň ortaça bahasy 12-14 manat. Filtrsiz çilimleri 10 manatdan hem alyp bolýar.

Paýtagt Aşgabatda çilimleriň bahasy her günde üýtgäp dur. Birbada arzanlamasa-da, temmäki önümi günde az-owlakdan pese gaçýar.

Durnukly bahada bolmaýanlygy sebäpli, ownuk dükan eýeleriniň köpüsi çilim satmakdan saklanýarlar. Şol sebäpden, çilim satyn almak isleýänler paýtagtyň lomaý söwda nokatlaryna barmaly bolýarlar.

Paýtagtlylar çilimi, esasan, Aşgabadyň merkezindäki lomaý söwda merkezinden, şeýle hem «Lälezar» bazaryndan satyn alýarlar.

Paýtagtlylar çilimi, esasan, Aşgabadyň merkezindäki lomaý söwda merkezinden, şeýle hem «Lälezar» bazaryndan satyn alýarlar.

Paýtagtlylar çilimi, esasan, Aşgabadyň merkezindäki lomaý söwda merkezinden, şeýle hem «Lälezar» bazaryndan satyn alýarlar. Ol ýerlerde temmäki önümi elýeterli hasaplanylýar.

Şu ýylyň maýynda Türkmenistan BSG-niň «Temmäkä garşy göreşmegiň» çarçuwaly Konwensiýasyna birigipdi. Şondan soň ýurtda temmäki önümleriniň bahasy ýokarlanyp ugrady. Eger-de maý aýynyň başyna çenli Türkmenistanda çilimiň bir gutusynyň bahasy ortaça 2,5-3 manat bolan bolsa, onda ol baha awgustda 25-30 manada baryp ýetdi.

Bahalar çilimkeşlige täsir etdimi?

BSG-niň «Temmäkä garşy göreşmegiň» çarçuwaly Konwensiýasy adamlaryň temmäki önümlerine bolan isleglerini azaltmagy maksat edinýär. Konwensiýanyň 6-njy maddasynda beýan edilişine görä, temmäki önümlerine salgyt we nyrh babatda çäreleri görmeklik ilat arasynda çilime bolan islegiň kemelmegine ep-esli derejede täsir edýär diýlip bellenilendir.

Çilimleriň bahasynyň üç aýyň dowamynda on esse töweregi ýokarlanmagy ýurtda çilimkeşligi düýbünden ýok edip bilmedi. Bu çäre käbir babatda položitel häsiýete eýe bolan-da bolsa, onuň negtatiw taraplary-da köp boldy.

Çilimkeşlige ýaňy başlanlaryň aglaba bölegi temmäki önümleriniň ýokarlanmagy bilen, çilim çekmekden el çekendiklerini aýdýarlar. Aram çilimkeşler gündelik çekýän normalaryny ep-esli azaldandyklaryny nygtaýarlar. Ýöne birnäçe ýyllaryň dowamynda çilim çekip, temmäkä garaşly bolanlar özleriniň bu endiklerinden doly el çekip bilmän, mahorka, nasa geçmeli boldular. Pes hilli bu önümler çilimkeşleriň saglygyna has-da zeper ýetirip başlady.

Her gün 20 manatdan bir guty çilim satyn alyp çekýänligi sebäpli, maşgalasynda dawalar bilen ýüzbe-ýüz bolýanlar hem ýok däl.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG