Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetdäki bosgunlaryň ykbaly


Bosgunlaryň statusy barada 1951-nji ýyldaky Konwensiýa laýyklykda Orsýetiň häkimiýetleri watanynda janyna howp abanýan bosgunlary yzyna ibermezligi borç alypdylar.
Bosgunlaryň statusy barada 1951-nji ýyldaky Konwensiýa laýyklykda Orsýetiň häkimiýetleri watanynda janyna howp abanýan bosgunlary yzyna ibermezligi borç alypdylar.
Türkmenistandan Orsýete göçüp baran Mariýa Suworowa
öz başyndan geçiren wakalary barada gürrüň berýär. (Rus dilinde)
Cудьба беженцев в России. Рассказ о жизни русской семьи из Туркменистана
please wait

No media source currently available

0:00 0:21:34 0:00
Ýükle


Irina Lagunina: Bosgunlaryň statusy barada 1951-nji ýyldaky Konwensiýa (Orsýet bu Konwensiýa 90-njy ýyllaryň başlarynda gol çekipdi) laýyklykda Orsýetiň häkimiýetleri watanynda janyna howp abanýan bosgunlary yzyna ibermezligi borç alypdylar. Bu barada halkara dokumentiň 33-nji maddasynda aýdylýar. Onda şeýle diýilýär: «Özara ylalaşýan döwletler bosgunlary jynslary, dini ygtykatlary, graždanlygy üçin, belli bir sosial toparyň degişlidigi ýa syýasy garaýyşlary üçin olaryň janyna ýa-da azatlygyna howp abanýan ýurduň serhetlerine hiç bir jähetden ugratmaly ýa-da ibermeli däldirler». Ýöne soňky wagtlarda hut şu madda Orsýetiň sudlary we ýerine ýetiriji häkimiýetleri tarapyndan ýygy-ýygydan bozulýar. Şu gün adam hukuklary baradaky institutyň «Bosgunlyga hukuk» programmasynyň ýolbaşçysy Lena Rýabinina bilen rus asylly, Türkmenistanyň ozalky raýaty Mariýa Suworowa (telefon boýunça) bizde myhmançylykda. Mariýa, siz näme üçin Orsýete gitmek kararyna geldiňiz?

Mariýa Suworowa: Aslynda biz ýaşamak üçin göçüp geldik. Men maşgalamy alyp gaýtdym. Çünki Türkmenistanda rus dilli ilata ýaşamak kynaldy. Adamym işsiz galdy, pensiýa tölenilmeýärdi. Özümem terjimeçi bolup işleýärdim. Döwlet dili türkmen dili diýlip yglan edileninden soň, meniň üçin özüme laýyk iş tapylmady. Iň esasy-da çagalaryň bilim almagy zerurdy. Meniň çagalarym türkmen däl-de rus bolany üçin olary ýokary okuw jaýlaryna kabul etmeýärdiler. Şol döwür guramalaryň birinde terjimeçi bolup işleýärdim. Şol ýerde işläp ýörkäm, ýolbaşçymyň garşysyna ykdysady jenaýat boýunça iş gozgadylar. Hut şu jenaýat işi-de biziň göçjek uçurlarymyza gabat geldi. Meni şaýat hökmünde çagyryp başladylar. Bilýän zatlarym barada görkezme berýärdim. Sülçüleriň biri meniň ýolbaşçym bilen şahsy hasap-hesibiniň bardygyny ilki kakdyrybrak, soňra aç-açan düşündirip şeýle diýdi: «Men her edip, hesip edip ony basaryn. Senem şeýtmegime kömek edersiň». Ol maňa nähilidir bir dokumentleri görkezip başlady. Şolary internetden alandygyny aýdybam, olary tassyklamagymy haýyş etdi. Ýogsa bu dokumentleri ömrümde birinji gezek görüp durşumdy. Gös-göni ýolbaşçym, döwlet çinownigi, ministrligiň işgäri meniň soraga çagyrylýanymy eşidip, şeýle diýdi: «Bilip goý, eger artykmaç bir zat pyşgyraýsaň, özüňem, maşgalaňam gonamçylykdan gözläp taparlar». Bularyň gury haýbat däldigine göz ýetirdim. Başlygym özüne ýaramadyk adamlara nädip temmi berşi barada jikme-jigi bilen gürrüň berdi. Şeýle diýmek bilen ol biziň maşgalamyza-da şunuň ýaly zatlaryň garaşýandygyny duýdurypdy. Bizem onsoň göçmek-gonmak meselämizi biraz tizleşdirip ugradyk. Şonda-da göçmäge birnäçe aýymyz gitdi. Özüňiz bilýärsiňiz, konteýner ýygnamak üçin gaty köp wagt gerek bolýar. Üstesine, Türkmenistanda býurokratiýanyň iňňän güýçli ösendigini unutmalyň.

Irina Lagunina: Orsýet nähili garşy aldy?

Mariýa Suworowa: Orsýete sag-aman geldik, gaýtjak bolanymda-da hiç hili bökdençlik bolmady. Hatda sud edilmedigim barada hatam aldym. Orsýet tarapynyň talap eden bu hatyna üç aýlap garaşmaly bolupdy. Men bar zady düzgüne laýyk resmileşdirdim. Ýurtdan çykjak bolanymyzda-da göçüp barjak ýerimizi görkezdim. Şol ýere-de geldik. Şol ýerde-de hasaba durduk. Ýadyma düşüp durka, şunam aýdaýyn. Göçüp gelenimize bir aý çemesi bolanda joramdan SMS gowuşdy. Onuň bilen bile işleýärdik. Ol buhgalterdi. Joram maňa: «Hiç ýerde hasaba duraýma, seni sülçi gözleýär» diýip ýazypdy. Menem jorama şeýle jogap berdim: «Näme üçin ogryn ýaşamaly? Men jenaýatçy däl ahyry!» Bu zatlaryň ujy maňa degmez öýdüp juda sada pikir eden ekenim. Birbada hiç neneň bolmady. Men kanuna boýun synyjy raýat. Bar zady bolmalysy ýaly berjaý edýärdim. Ähli dokumentlerim bilen göçüp geldim. Bärde-de bar zady bolmalysy ýaly resmileşdirmäge çalyşdym. Ýöne gülala-güllük uzaga çekmedi. Görlüp oturylsa, meniň garşyma gözleg yglan edilse, ekstradisiýa barlagy alnyp barylsa nätjek. Muny eşidip, nähili duýgulary başymdan geçirenimi söz bilen beýan eder ýaly däl. Şonda-da kanuna boýun synyjy raýat hökmünde, kelebimiň ujuny ýitiren ýagdaýymda oblast merkeziniň içeri işler uprawleniýesine generalyň huzuryna meni goramaga kömek ediň diýip bardym. O taýdan hiç hili goldaw bolmady. Menem, onsoň, şu wagt hatda anyk ýadyma-da düşenok, prezidentiň ýanyndaky adam hukuklary baradaky apparata (şunuň ýaly zat bar öýdýän) hat ýazdym. Diýjek bolýanym köp guramalara ýüz tutup gördüm. Elbetde, bu zatlaryň bary netijesiz gutardy.

Irina Lagunina: Lena, Mariýa Suworowanyň işi haýsy döwürde siziň nazaryňyza düşdi?

Lena Rýabinina: Kärdeşlerim maňa Maşanyň gyzynyň, uly gyzynyň (şol wagtlar onuň ýaşy ýigrimiden ýaňyja geçipdi) hatyny iberdiler. Gyz elden-aýakdan çykypdy. Ol ejesiniň göz-görtele adalatsyzlygyň pidasyna öwrülip barýandygyna düşünýärdi. Gyz haraý isleýärdi. Men gyzyň üsti arkaly onuň ejesi bilen habarlaşdym. Anyklanylyşyna görä, şol pursat, eger ýalňyşmaýan bolsam, Maşa eýýäm iki gün gorag astynda bolmaga ýetişipdi. Ilkibada sud ony ekstradisiýa etmek üçin gorag astyna almak çäresine garşy çykdy. Dogry, suduň şeýle netijesine prokuratura tarapyndan seredildi. Ahyrky netijede-de Maşany derňew izolýatoryna gabadylar. Elbetde, biz bu işi seljerip, şol pursat elimizde bar bolan dokumentleri dörüp, Maşanyň yzarlanmalara sezewar edilýändigine düşündik. Özem bu başdan bikanun häsiýete eýe eken. Munuň başda syýasatlaşdyrylmagynyň sebäbi-de Maşanyň ýolbaşçysynyň häkimiýet organlarynyň wekili bolany üçindi. Şeýlelikde, tutuş döwlet guraly Maşanyň garşysyna gönükdirilipdi. Onuň yzarlanmalarynda şeýdip syýasy kölege emele geldi. Aklawçy çagyrdyk we onuň işi bilen meşgullanyp başladyk.

Irina Lagunina: Lena, ýaňy siz, herhal, Maşany basdylar diýdiňiz. Maşa, indi sowal size. Netijede, siz derňew izolýatorynda näçe wagtlap ýatdyňyz?

Mariýa Suworowa: Ilkibada, haçanda meni ýaşaýan ýerimde saklanlarynda üç gün ýatdym. Ýöne sudýa meniň ýagdaýyma bada-bat düşündi. Şeýdibem meni daşyna çykardylar. Ýöne soňra meni gaýtadan ýygnadylar. Tussagdakam wagtymy doly hasaplasaň, bir hepde kem bir ýyl bolýar. 2007-nji ýylyň 19-njy awgustyndan 2008-nji ýylyň 12-nji awgusty aralygynda.

Lena Rýabinina: Näme-de bolsa, bir ýyldan geçmedi. Bärde bar gep şol wagtlar ekstradisiýa edilmek maksady bilen tutulan adamlara özleriniň tussagda saklanýany üçin şikaýat etmäge hiç hili degerli gurallar işlänok diýen ýalydy. Elbetde, biz şikaýatlar bilen ýüz tutýardyk. Adwokat bilen bile şikaýata seredilýän ýerlere-de ýüzlenip gördük. Her saparam juda gülkünç jogap alýardyk. Şol jogaplarda sudlar azda-kände Konstitusion suduň kesgitlemesini äsgermezlik edýärdiler. Bu ýerde Orsýetiň jenaýat prosessual kodeksiniň ähli düzgün-kadalary işlemelidi. Şonda-da Orsýetiň sudlary, şonuň bilen birlikde şu meselelere sereden Moskwanyň döwlet sudy-da muny äsgermezlik etdiler. Maşany yzyna ibermek baradaky kararyň ilkinji saparky seljermesinden soň, biz täzeden arza ýazdyk. Biziň arza ýazan döwrümiz Ýewropa sudunyň iş doly seljerilýänçä, Maşany yzyna bermekden saklanmak baradaky çykaran karary bilen gabat geldi. Şeýlelikde, iş täzeden seredilmäge degişli edildi. Diňe şu ýerde Ýokary sud tussagda saklamagyň kesgitli möhletini goýdy. Şu kesgitli möhletem Maşanyň derňew izolýatorynda geçiren wagtyna laýyk geldi.

Irina Lagunina: Lena, Türkmenistanda Mariýa howp-hataryň garaşýandygy, şonuň üçinem ony o taýyk iberip bolmajagy baradaky deliller suda azlyk edäýdimikä?

Lena Rýabinina: Bärde ünsi çekäýjek pursatlar boldy. Baş prokuratura tarapyndan yzyna bermek baradaky çykarylan karara şikaýat üç aýlaw ýol geçdi. Moskwanyň döwlet sudy şikaýatlary üç sapar derňedi, Ýokary sud iki sapar seljerenden soň, ony iki sapar yzyna iberdi. Diňe üçünji sapardan soň, ekstradisiýa baradaky karary hakykatdanam tassyklady. Ýöne bagtymyza, Ýewropa sudy sebäpli, bu karar ýerine ýetirilmän galdy.

Irina Lagunina: Mariýa, siz derňew izolýatorynda ýatyrkaňyz, näme pikir etdiňiz? Nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

Mariýa Suworowa: Men maşgalamyň pikirini etdim, diňe şonuň pikirini etdim. Bärde näme üçin otyryn, bu barada indi pikir et, pikir etme, peýdasynyň degmejekdigi düşnüklidi. Haçanda bu zatlaryň tüweleýi turanda, milisiýanyň işgäri öýümize gelip, ýagdaýlary düşündirende, serime ilki gelen pikir şu boldy: sülçi ar alýar, bärde diňe şonuň eli bar. Bärde başga nähili pikir bolup biler? Şol döwürde iki buhgalter meniň bilen işledi. Ýöne buhgalterleri jenaýat jogapkärçiligine çekmediler. Ykdysady jenaýatda ilkinji nobatda ýolbaşçylary hem-de buhgalterleri jogapkärçilige çekýärler. Ýolbaşçylary jogapkärçilige çekdiler, emma menem jogapkärçilige çekdiler. Gepiň gysga ýeri, sülçi meni baş şaýat hökmünde ulanmak isledi. Niýeti başa barmansoňam, ar almagyň kül-külüne düşdi. Şonda özümiň bütinleý goragsyzdygymy duýdum. Diňe Lena we «Graždanlyk hemaýaty» guramasy her dürli kömek edip durdular. Başga ýerden hiç hili goldaw bolmady. Men hiç hili goragy duýmadym. Bärik Orsýet meni rus adamy hökmünde gorar diýen umyt bilen geldim. Özümem rus, çagalarymam rus, biz şu dilde-de gürleýäris ahyry.

Irina Lagunina: Lena, Mariýa bir gepinde «Sudýalaryň gözünde özüme duýgudaşlygy gördüm» diýdi. Ýöne gural işleýärdi. Siz köp sanly işler bilen gabat gelýärsiňiz. Munuň hakykatdanam guraldygy, özem bir sapar ýöredilen şol guralam indi hiç haçan saklap bolmajakdygy baradaky duýgyny başdan geçireňzokmy?

Lena Rýabinina: Bu hakykatdanam gural. Özem duýgy däl-de, anyk şeýle. Bir ýyldan azrak ozal haýsydyr bir işlerde, ýöne diňe Özbegistana ekstradisiýa etmek meselesinde (edil barysynda bolmasa-da) köplenç ýagdaýlarda bize nähilidir bir ýol bilen Ýokary suduň pozisiýasyny üýtgetmek başartdy. Özbegistan boýunça ekstradisiýa baradaky kararlaryň gaty köpüsiniň ýatyrylandygy bellärlikdir. Şol ýatyrylan kararlaryň arasynda gynamalar bilen bagly howp-hatarlylary-da bardy. Bu zatlaryň barysyna şikaýatçylaryň arzalary esasynda Strasburgda ýeňiş gazanylan köp sanly işler sebäp boldy.

Irina Lagunina Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG