Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obalarda pomidor satylýar


Döwletow: "Lebap welaýatynyň obalaryna pomidory Marydan eltip satýarlar, Aşgabada bolsa daşoguzlylar getirýärler".
Döwletow: "Lebap welaýatynyň obalaryna pomidory Marydan eltip satýarlar, Aşgabada bolsa daşoguzlylar getirýärler".
Şäherde satylmaly pomidorlar indi obalarda satylýar. Soňky wagtlar muny hiç kim geňlemeýär. Sebäbi ýerler doly sandan çykdy diýerlik. Daýhanlar indi ýerden gök we bakja ekin önümlerini geregiçe alyp bilmeýärler.

Türkmenistanyň oba hojalygyndaky ekerançylyk ýerleri sandan çykdy. Daýhanlaryň şahsy hojalygynda hem ýagdaý şeýle. Hernäçe dökün dökülse-de, zyýanly mör-möjekleriň garşysyna her hili awuly himikatlar ulanylsa-da, daýhanlaryň şahsy hojalygyna degişli melleklerden gerekli hasyly alyp bolmaýar. Bu ýagdaý Lebap welaýatynda hem şeýle.

—Lebap welaýaty sowet döwründe goňşy Özbegistan respublikasynyň Garşy welaýatyny gök hem bakja ekin önümleri bilen doly ekläp oturan welaýatdy. Esasan daglyk raýonlarda ýerleşen Garşy welaýatyny gök önümleri bilen üpjün etmek Özbegistanyň öz ekerançylaryna başardanokdy. Şeýle bolansoň, Garşy welaýatynyň häkimiýetleri Türkmenistandan gök önüm satmaga barýan daýhanlary güler ýüz bilen garşylap, olar üçin çaý, nahar hyzmatlaryny ýola goýdurýardy. Bazar jaýynyň içindäki myhmanhanany ýörite türkmen daýhanlaryna berýärdi. “Geliň, türkmen doganlarymyz, siz bolmasaňyz, kim bize pomidor, hyýar getirerdi?” diýip, hut häkimiýetleriň özleri aram-aram bazara aýlanyp, biziň berekellamyzy ýetirýärdi—diýip, lebaply daýhan Ahmet aga gürrüň berýär.

Ahmet aganyň aýtmagyna görä, ol döwürler ekinleriň hasyly egsiler ýaly däldi. Howanyň maýyl bolýan ýyllarynda pomidorlar tä ýanwara çenli hasylyny gutarmazdylar. Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda, baýramçylyk saçagy üçin parnikden däl, hut mellekdäki pomidoryň gyzaranlaryny ýygyp, uly şäherlerde satyp, olardan pul ýasaýan daýhanlar bir ýa iki däldi.

Bir gezeklik

Ine, indi welin, ýerlere ne döw çalanyny Alla bilsin! Pomidorlardan bir sapar hasyl ýygnap ýetişilse bolany. Olar ölüp başlaýarlar. Saralyp-solýarlar, soňra bolsa hasyllary çüýräp gidýär. Öňler her kartoşkasy çaganyň kellesi ýaly bolan ýerlerden indi kartoşka-da önenok. Iň uly kartoşka hasyly hoz ýaly bolýar. Olary satmag-a beýlede dursun, maşgalanyň iýjegine-de ýetenok.

Öňler bol hasyl berip duran ýerleriň beýle hala düşmesine diňe daýhan gynanýar. Ol ýeriniň özüni ekläp bilmeýänine gynanyp, aldygyna her hili dökünleri döküp görýär. Dökün üçin pul baryny çykarýar. Ýöne ýeriň welin şol bir bolşy.

Ýurduň oba hojalyk işgärleriniň bolsa ýerleriň ýagdaýy azaryna-da däl. Olar ne-hä ýerleriň ýagdaýyny barlaýarlar, ne-de ony döwlet ýolbaşçysyna ýetirýärler, ne-de ýagdaýy gazet-žurnallarda, radio-telewideniýede halka düşündirýärler. Ony gowulandyrmanyň ugruna-da çykanoklar. Türkmen bazarlaryny bolsa Eýrandan gelýän gök önümler eýeleýär.

“Näçe kartoşka düşdi?”

Her döwür—bir döwür. “Daýhanlar kartoşka bilen pomidor satyn alýarlar” diýilse, bir döwürler kim ynanardy! Ine, indi welin, bu ýagdaý täzelik däl. Obalarda pomidor satylýar. Onuň bahasy her hili ýagdaýda üýtgäp durýar. Lebap welaýatynyň obalaryna pomidory Marydan eltip satýarlar, Aşgabada bolsa daşoguzlylar getirýärler. Ýöne pomidor Maryda-da, Daşoguzda-da ýeterlik däl. Pomidorlaryň ählisi bir elden çykan ýaly. “Bolgar pomidory” diýilýän, uzak ýolda ýenjilmeýän, suwsuz hem gaty pomidor.

Eýran kartoşkalary bolsa diňe Aşgabada däl, eýsem, Mara, Lebapdyr Daşoguza-da ýetýär. “Bir kilograma näçe kartoşka düşdi?” diýip, hojalykbaşy kartoşka satyn almaga gidenden soraýar. Eýran kartoşkalary ullakan, bereketli. Onuň dört ýa-da bäş sanysy, has ulurak bolsa— üç sanysy-da bir kilogram bolýar duruberýär. Kartoşkanyň bahasy Aşgabat şäherinde bir manat 60 teňňe, welaýatlarda bolsa iki manat.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG