Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranda üç adam dardan asylyp jezalandyryldy


Şu gün Eýranda üç adam dardan asylyp öldürildi. Eýranyň ISNA habar agentligi bu jezalandyrylanlardan ikisiniň neşe gaçakçylygynda günälidigini, beýleki biriniň bolsa aýal maşgalany jynsy taýdan zorlamakda günäli tapylandygyny habar berýär.

Maglumata görä, neşe gaçakçylygynda aýyplanan iki adam Sari şäheriniň türmesinde jezalandyrylypdyr, jynsy zorlukda aýyplanan adam bolsa Marwdaşt şäherinde jemgyýetçiligiň öňünde asylyp öldürilipdir.

Bu raýatlaryň şahsyýeti barada anyk maglumat berilmeýär. Bu soňky jezalandyrmalar Eýranda şu ýylky asylyp öldürilen adamlaryň sanyny 226-a ýetirdi.
XS
SM
MD
LG