Sepleriň elýeterliligi

Amerikanyň howa hüjüminde Pakistanda alty adam öldi


Öten agşam Pakistanyň Günorta Weziristan regionyndaky bir söweş lagerine Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarynyň amala aşyran howa hüjüminde alty sany söweşijiniň öldürilendigi habar berildi.

Amerikan resmileri bu söweşijileriň ýerli meýdan komandiri Mewlewi Nazir bilen ýakyn hyzmatdaşlykdaky söweşijilerdigini aýdýarlar. Bu waka barada Pakistan tarapyndan anyk maglumat alynmady.

«Assoşieýted press» habar agentligi şu ýylyň başyndan bäri amerikan güýçleri tarapyndan Pakistanyň territoriýasyna şular ýaly 50-den gowrak howa hüjüminiň amala aşyrylandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG