Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň prezidenti Kabula garaşylmadak sapara bardy


Şu gün Germaniýanyň prezidenti Kristian Wulf Owganystana garaşylmadak sapara bardy.

Bu saparynda eden çykyşynda ol 2014-nji ýylda koalision güýçler Owganystandan çykandan soň hem, öz ýurdunyň Owganystana berýän ýardamlaryny dowam etdirjekdigini nygtady.

Häzirki wagt Owganystanda Germaniýanyň 5 müňe golaý harbysy bar. Germaniýanyň prezidenti Kristian Wulf öz saparynyň barşynda Kabulda prezident Hamyd Karzaý bilen-de gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG