Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany hüjüm synanyşygy bilen bagly BMG-ä ýüzlendi


Şu gün habar agentlikleri Saud Arabystanynyň Waşingtondaky ilçisine garşy hüjüm taýýarlanandygy bilen bagly bildirilýän aýyplamalar boýunça bu ýurduň hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasyna ýüz tutandygyny habar berdiler.

Bu ýurduň «Aşark al-Awsat» gazetiniň ýazmagyna görä, Saud Arabystanynyň hemişelik wekili resmi ýagdaýda BMG-niň Baş sekretaryna bu mesele barada BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini habardar etmekligi haýyş edipdir.

Şu geçen hepde Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýranyň gizlin gulluklaryna degişli iki adamyň Saud Arabystanynyň Waşingtondaky ilçisine garşy hüjüm taýýarlandyklary baradaky faktyň üstüni açandygyny mälim edipdi. Eýran bu baradaky aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG