Sepleriň elýeterliligi

Arap ligasy Siriýany we oppozisiýany gepleşiklere çagyrdy


Bazar güni Kairde Arap döwletleri ligasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahaty boldy. Ol Siriýadaky krizise bagyşlandy.

Duşuşyk Pars aýlagynda ýerleşýän birnäçe ýurduň haýyşy boýunça çagyryldy. Onuň maksady oppozisiýanyň gurnaýan protest aksiýalaryna gatnaşyjylara garşy repressiýalary alyp barýan Başar al-Assadyň režimine goşmaça gysyş görkezmekden ybarat.

Maslahata gatnaşyjylar Siriýa häkimiýetlerini we oppozisiýany 15 günüň dowamynda milli ýaraşyk gepleşiklerine başlamaga çagyrdylar. Şeýle gepleşikleriň geçirilip bilinjek ýeri hökmünde Arap döwletleri ligasynyň Kairdäki rezidensiýasy teklip edildi.

Siriýada ýedi aý bäri dowam edýän bidüzgünçiliklerde, BMG-niň maglumatyna görä, üç müňden gowrak adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG