Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-da tussag edilen eýranly bilen duşuşygy talap edýär


Saud Arabystanynyň Waşingtondaky ilçisiniň janyna kast etmek maksady bilen dildüwşük gurnamakda güman edilip, ABŞ-da tussag astyna alnan eýranlynyň ýanyna barmaga öz diplomatlaryna mümkinçilik döredilmegini Eýran talap edýär.

Şeýle mazmunly beýannamany ýekşenbe güni Eýranyň DIM-i Şweýsariýanyň Tährandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekiline gowşurdy. ABŞ-nyň Eýran bilen diplomatik gatnaşyklary ýokdugy üçin, onuň bähbitlerine Şweýsariýa wekilçilik edýär.

Amerikan hem eýran goşa raýatlygy bolan Mansor Arbabsiar sentýabr aýynyň aýagynda tussag edilipdi. Derňew maglumatlaryna görä, ol Eýranyň ýörite gulluklarynyň işgäri bilen saud ilçisini öldürmegi planlaşdyrypdyr. Şol işgäre gizlenmek başardypdyr.

Mundan öň Eýranyň ruhany lideri aýatolla Hameneýi Birleşen Ştatlary öz içindäki problemalardan dünýäniň ünsüni sowmak üçin “dildüwşük toslap tapmakda” aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG