Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň täze häkimiýetiniň goşunlary Bani-Walidiň merkezine girdi


Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň goşunlary häkimiýetden agdarylan diktator Muammar Kaddafiniň soňky daýanç nokatlarynyň biri bolan Bani-Walid şäheriniň merkezine girdiler.

Kaddafiniň tarapdarlary gazaply garşylyk görkezýärler. Şäherde söweşler dowam edýär.

Sirte şäheriniň töweregi asuda.

Liwiýanyň günorta-günbatardaky serhetdeş ýurdy Mali hökümetiniň maglumatyna görä, birnäçe gün mundan öň tauregler taýpasyndan bolan, Kaddafiniň tarapynda söweşýän 400 töweregi ýaragly adam serhetden geçipdir.

BMG-niň Afrikanyň günbataryndaky wekili Seýit Jinnit bu herekete alada bildirdi we ýaragly toparyň Maliniň demirgazyk etraplarynda howpsuzlyga wehim salmagynyň mümkindigini aýtdy.

Bazar güni Liwiýanyň paýtagty Tripolide diktator Kaddafiniň köşgi ýykylyp başlandy. Bu işe gatnaşýan harbylar toparynyň serkerdesiniň sözlerine görä, Bab al-Azizi köşgüniň ornunda seýilgäh bolar.

Şu ýylyň awgust aýynda Milli geçiş geňeşiniň goşunlary köşgi basyp alanda, öňki režim döwri Bab al-Aziziň ýaşyl diwarynyň golaýyna barmaga gorkýan Tripoliniň ilaty möwriti geçip barýan döwrüň sowgatlyklarynyň satuwyny ýola goýdular.
XS
SM
MD
LG