Sepleriň elýeterliligi

Palestin tussaglary ysraýylly Gilad Şalite çalşylar


Hamasyň söweşijileri tarapyndan ýesir alnan ysraýylly Gilad Şaliti palestin tussaglaryna çalyşmak hepdäniň sişenbe güni bolar diýip, Ysraýyl bilen radikal Hamas toparynyň arasyndaky gepleşiklere gatnaşyja salgylanmak bilen “Roýter” agentligi habar berýär.

Agentligiň maglumatyna görä, gepleşiklerde çalşygyň ähli jikme-jigi ylalaşylypdyr. Ysraýyl müňden gowrak palestinliniň günäsini geçer diýlip garaşylýar. Olar iki tapgyrda azat ediler.

Azatlyga çykjak ilkinji ýüzlerçe palestinli tussagyň sanawy Ysraýylyň türme edarasynyň saýtynda ýerleşdirildi.

Gilad Şalit Hamasyň söweşijileri tarapyndan 2006-njy ýylda ele salnypdy.
XS
SM
MD
LG