Sepleriň elýeterliligi

Fransuz sosialistleri birinji tapgyr saýlawlary geçirdi


Ýekşenbe güni Fransiýada sosialistik partiýadan prezidentlige kandidatlaryň ilkinji saýlawlary geçirilip, onda partiýanyň öňki lideri Fransua Olland öňde barýar.

Deslapky maglumatlara görä, sosialistik partiýanyň agzalarynyň we tarapdarlarynyň 56%-den gowragy Ollanda, 43%-den köpürägi-de onuň bäsdeşi, sosialistik partiýanyň häzirki lideri Martin Obra ses beripdir.

Deslapky ses berilşige 2 million 600 müň adam gatnaşypdyr.

Jemgyýetçilik pikir soralyşygynyň netijelerine görä, sagçy merkezçileriň lideri, häzirki prezident Nikolýa Sarkoziden üstün çykmaga Ollandyňam, Obriniňem gowy şansy bar.

Fransiýada prezident saýlawlary geljek ýylyň baharynda geçiriler.
XS
SM
MD
LG