Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Litwinenkonyň işi boýunça diňlenişik geçirildi


Bäş ýyl mundan öň Londonda öldürilen Orsýetiň ýörite gulluklarynyň öňki işgäri Aleksandr Litwinenkonyň aýaly bu işiň derňewi wagty sud çykdajylaryny tölemek üçin, pul ýygnap başlady.

Geçen penşenbe güni 2006-njy ýylda ýogalan Litwinenkonyň ölüminiň sebäpleri boýunça ilkinji diňlenişik geçirildi.

Litwinenkonyň ölüminde şübhe bildirilýän Orsýetiň Döwlet Dumasynyň deputaty Andreý Lugowoý wideoýazgy boýunça görkezme bermäge razydygyny bazar güni tassyklady.

Bu beýannama “Mail on Sunday” gazetinde çap edilen makala jogap hökmünde peýda boldy. Şol makalada şu mesele boýunça heniz resmi karara gelinmedigem bolsa, Lugowoýyň gaýybana düşündirişini suduň diňlemekçidigi aýdylýar.

Lugowoý Litwinenkonyň işine gatnaşygyny ret edýär, Orsýet ony sud derňewleri üçin Britaniýanyň häkimiýetlerine tabşyrmakdan ýüz öwürdi.
XS
SM
MD
LG