Sepleriň elýeterliligi

Kosowada berkitmeleri aýyrmak yza süýşürildi


Kosowanyň demirgazygynda, Serbiýa bilen serhetdäki barlag-geçiriş nokadynda ýerli serbler tarapyndan gurlan berkitme-päsgelçilikleri aýyrmak ýene bir gün yza süýşürildi.

Bu barasynda serb jemgyýeti bilen gepleşikler geçirenden soň, parahatçylyk dörediji halkara güýçleriniň komandowaniýesi görkezme berdi.

Kosowa bilen Serbiýanyň serhedinde durýan parahatçylyk dörediji güýçleriň üpjünçiligine päsgelçilik döretmek üçin, ýerli serbler 16 berkitme gurupdy.

Belgradda bolşy ýaly, kosowaly serbler hem Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etmeýär. Kosowa garaşsyzlygyny 2008-nji ýylda yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG