Sepleriň elýeterliligi

Eýran dildüwşük boýunça delilleri “öwrenmäge taýýar”


Saud Arabystanynyň Waşingtondaky ilçisini öldürmek synanşygyny Eýranyň planlaşdyrandygy baradaky delilleri Tähran “öwrenmäge taýýar”.

Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehiniň bu baradaky beýanaty ýarym resmi IRNA agentligi tarapyndan habar berildi.

Saud Arabystanynyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Adel al-Jubaire garşy hüjümi gurnamakda aýyplanyp, amerikan we eýran pasportlary bolan Mansor Arbabsiar amerikanyň resmileri tarapyndan tussag edilipdi.

Eýran bu wakalara özüniň gatnaşygy boýunça bildirilýän aýyplamalary inkär edýär.

Eýranyň ýokary ruhany lideri Ayatolla Ali Hameneýi “günbataryň islendik göwnejaý bolmadyk çäresine” garşy berk gaýtawul beriljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG