Sepleriň elýeterliligi

Bişkek Gümrük birligine goşulmaga entek taýýar däl


Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiji Omurbek Babanowyň aýtmagyna görä, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýurt GDA-nyň Gümrük birligine goşulmaga taýýar bolup bilmez.

Babanowa görä, Gyrgyzystanyň maliýe ministriniň ýolbaşçylygyndaky ýörite topar Orsýet, Gazagystan we Belarus gümrük birligine goşulmak üçin degişli jikme-jiklere seredýär.

Toparyň çykaran deslapky netijesine görä, Bişkek özünden edilýän ähli talaplary geljek ýylyň başyna çenli amal edip ýetişmez.

Ençeme gyrgyz resmisi Gümrük birligine goşulmagyň möhümdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG