Sepleriň elýeterliligi

Pakistan talybançy Fazullaha çäre görülmegini isleýär


Pakistan-Owganystan serhedinde Birleşen Ştatlaryň we Owganystanyň harby güýçleriniň söweşijileriň hüjüminiň öňüni alyp bilmändiklerini Pakistanyň harbylary aýdýarlar.

“Talybanyň” liderleriniň biri Maulwi Fazlullahyň tarapdarlarynyň amala aşyran hüjümlerinde ýüze golaý pakistanly harby ölüpdi.

Fazullah 2009-njy ýyla çenli Yslamabatdan 160 km. uzaklykdaky Swat jülgesinde “Talybanyň” hereketlerine ýolbaşçylyk edipdi. Şonda Pakistanyň güýçleriniň geçiren operasiýasynda Fazullah Owganystana gaçmaga mejbur bolupdy.

Pakistanyň harbylarynyň aýtmagyna görä, Fazullah we onuň topary Pakistana howp abandyrmaga dowam edýär, şeýle-de söweşijiler täzeden Swat jülgesinde ornaşmagy niýet edinýär.
XS
SM
MD
LG