Sepleriň elýeterliligi

Ors gämisinde garakçylaryň baýdagy goýuldy


Orsýetiň Sankt Peterburg şäherinde ýaşlaryň bir topary muzeý eksponaty hökmünde saklanýan tanymal “Awrora” gämisinde deňiz garakçylarynyň nyşany bolan kelleçanakly we kese goýlan süňkli baýdagy goýdular. Olar muny gäminiň üstünde geçirilýän gezelenç wagty amala aşyrdylar.

“Itar-Tass” habar gullugynyň maglumatyna görä, bu waka boýunça alty adam tussag edilipdir. “Awrora” resmi taýdan Orsýetiň Goranmak ministrliginiň emlägidir.

1917-nji ýylda “Awrora” gämisinden top atylandan soň, bolşewikler Gyş Köşgüne hüjüme geçipdiler. Bu 1917-nji ýylyň Oktýabr rewolýusiýasynyň başlanjygy hökmünde häsiýetlendirilýär.
XS
SM
MD
LG