Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda howpsuzlyk ýolbaşçysyna hüjüm edildi


Owganystanyň Farýab welaýatynyň aňtaw gullugynyň başlygynyň ulag kerwenine janyndan geçen bir söweşiji hüjüm etdi. Bu barada welaýat resmileri habar berýärler.

Meýmen şäherinde bolan bu wakada bir ýaş oglan öldi.

Janyndan geçen hüjümçi bombany general Saýed Ahmad Sadatyň ulagynyň golaýynda partlatdy. Saýed Farýab welaýatynyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy.

Hüjümiň netijesinde Saýed we onuň dört sany jan penasy ýaralandy.
XS
SM
MD
LG