Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Amerikadaky suw joşmalarynda 80 adam öldi


Merkezi Amerikanyň käbir ýurtlarynda dörän suw joşmalary sebäpli azyndan 80 adam öldi.

Iň köp ejir çeken El Salwador boldy. Bäş günläp ýagýan ýagyşlaryň netijesinde ýurtda 32 adam öldi. Prezident Maurisio Funesiň sözlerine görä, 20 müň töweregi adam ewakuasiýa edilipdir.

Guatemalada agyr çagbalar zerarly 30-a golaý adam heläk boldy. Prezident Alwro Kolom ýurtda “betbagtçylyk ýagdaýyny” yglan etdi.
XS
SM
MD
LG