Sepleriň elýeterliligi

Baýramçylyk ýakynlaşýar, umytlar tala daňylýar


Şäher häkimligi tarapyndan şu günler paýtagtyň köçelerinde toý-baýramyny alamatlandyrýan dürli baýdajyklardyr bannerleri asmak işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

Şäher häkimligi tarapyndan şu günler paýtagtyň köçelerinde toý-baýramyny alamatlandyrýan dürli baýdajyklardyr bannerleri asmak işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramynyň toýlanjak senesi ýakynlaşdygyça, býujet edaralarynda işleýänleriň hysyrdysy barha artýar. Çäreler, maslahatlar zerarly, olar halys ber-başagaý bolýarlar.

Baş baýram mynasybetli şu günler tutuş ýurtda uly başagaýlyk. Hususan-da, paýtagt Aşgabatda ummasyz serişdeler çykarylyp, binalardyr köçeler toý lybasyna beslendirilýär. Şäher häkimligi tarapyndan şu günler paýtagtyň köçelerinde toý-baýramyny alamatlandyrýan dürli baýdajyklardyr bannerleri asmak işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

Garaşsyzlygyň baýram edilýän güni ýakynlaşdygyça, býujet edaralarynda işleýänleriň lapy barha keç bolýar. Olaryň bar umytlary—ýurduň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli bir aýlyk möçberinde pul sylagyny almak. Ýöne pul sylagy hakda welin resmi taýdan hiç hili gep gürrüň edilenok.

Eýýäm şu ýylyň başyndan ilat arasynda ýurduň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna 20 gün dynç, bir aýlyk hem pul sylagy beriljekmiş diýlen myş ýaýrap ugrady. Şeýle myş-myşlaryň döremegine düýpli esas hem bardy. Ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy mynasybetli, 2001-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 30-njy oktýabryna çenli döwri iş güni däl, dynç alyş günleri diýip yglan edipdi. Munuň hem üstesine, Nyýazow iş ýeri boýunça eýeçiligiň ähli görnüşlerinde işleýänlere bir aýlyk hakyny, pensionerlere, maýyplara we talyplara bir aýlyk tölenýän pullarynyň möçberinde goşmaça toý sowgadyny bermek hakda permana gol çekipdi.

Ine, türkmenistanlylar Saparmyrat Nyýazowyň on ýyl mundan ozalky eden sahylygyna häzirki prezidentden hem umyt bilen garaşýar. Ýöne olaryň umytlara tala daňlana meňzeýär. Sebäbi ýurduň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna on günden hem az wagt galdy. Bir aýlyk pul sylagy hakda welin hiç hili gürrüň ýok. Saparmyrat Nyýazow bolsa şol taryhy permanyna 2001-nji ýylyň 10-njy awgustynda, ýagny baýrama iki aýdanam öň gol çekipdi. (Sebäbi pul serişdelerini paýlamak meselesini birki günde çözüp bolmaýar. Onuň üçin azyndan birki aý gerek.) Şol gün, ýagny 10-njy awgustda Nyýazow Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisini geçirip, ýetip gelýän baýramçylygy mynasyp garşylamak barada uly maslahat edipdi we halky begendiren taryhy permanyna gol çekipdi.

Elbetde, Berdimuhamedowy halkyny Saparmyrat Nyýazowça söýenok diýip aýyplap bolmaz. Birinjiden, 2001-nji ýylda býujet edaralarynda ortaça aýlyk 30-35 amerikan dollarydy. Häzir bolsa ortaça hak 250 amerikan dollary. Mundan hem başga Türkmenistanyň häzirki býujeti 2001-nji ýylyň döwri bilen deňeşdireniňde üç esse ulaldy. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutsaň, býujet edaralarynda işleýänlere bir aýlyk pul sylagyny bermekligiň döwlet býujetine ep-esli derejede agram saljakdygy görnüp dur.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG