Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Palestin tussaglary Ysraýylyň türmelerinden çykarylýar


Kapral Gilad Şaliti çalyşmak ylalaşygynyň çäklerinde, öten agşam Ysraýyl türmelerinden palestin tussaglaryny çykaryp başladylar.

Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, türmeden çykarylanlaryň ilkinji maşynynda aýallar bar eken. Olaryň köpüsi Iordan derýasynyň günbatar kenarynda boşadylar diýip, Ysraýyl tarapynyň wekili aýtdy.

Tussaglary alyp barýan awto kerwenini Müsüriň howpsuzlyk güýçleri ugratdy. Olar Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gelnen ylalaşygyň araçysydyr.

Palestin söweşijilerinde bäş ýyl gowrak ýesirlikde bolan Şalit ýakyn sagatlarda 1027 palestin tussagyna çalşylar.

Duşenbe güni Ysraýylyň ýokary sudy Hamas bilen gelnen ylalaşyga garşy çykanlaryň şikaýatyny kabul ýetmedi.

Palestin söweşijileriniň Ysraýyl territoriýasynda amala aşyran terroristik aktlarynda pida bolanlaryň garyndaşlary şikaýat bilen suda ýüz tutupdy.
XS
SM
MD
LG