Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň täze hökümeti Bani-Walidiň 90%-ni eýeledi


Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň goşunlary agdarylan diktator Muammar Kaddafiniň tarapdarlarynyň soňky daýanjy Bani-Walid şäheriniň 90%-ne kontrollyk edýändiklerini aýdýarlar.

Komandowaniýäniň maglumatyna görä, häzir Bani-Walidiň depesinde liwiýa häkimiýetleriniň täze baýdagy pasyrdaýar. Kaddafiniň dogduk şäheri Sirtäni hem basyp almak üçin göreşler dowam edýär.

Duşenbe güni Britaniýanyň daşary işler ministri Uilýam Heýg sapar bilen Liwiýa geldi we Muammar Kaddafä hem onuň ýakyn töweregindäki adamlara başpena bermezlige Afrika ýurtlaryny çagyrdy.
XS
SM
MD
LG