Sepleriň elýeterliligi

Putin syýasy sistemany pugtalandyrmak isleýär


Dmitriý Medwedew bilen Wladimir Putiniň wezipesini çalyşmak meselesi dört ýyl mundan öň çözülipdir.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin ýurduň üç telekanalyna beren interwýusynda bu meseläniň prezident Dmitriý Medwedew bilen öz aralarynda çözülendigini, ýöne onuň ýurduň raýatlary tarapyndan çözülmändigini, olara saýlawlarda ses bermegiň garaşýandygyny aýtdy.

Putin şeýle-de ýurduň syýasy sistemasyny pugtalandyrmak üçin Kremle dolanmak isleýändigini belledi.

“Syýasy sistemada durnuklylyk elementleri örän möhüm. Biz döwletiň dargamagyny başdan geçirdik. Sowet Soýuzy ýykyldy. Sowet Soýuzy näme? Ol Orsyet, ýöne başgaça atlandyrylýardy. Biz 90-njy ýyllaryň örän çylşyrymly döwrüni başdan geçirdik. Diňe 2000-nji ýyllardan aýak üstüne galyp başladyk. Içerki dünýämizi dikeltdik. Ýagdaýy durnuklaşdyrdyk. Elbetde, bize durnukly ösüş döwri gerek” diýip, Putin aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy ýurtda hem Döwlet Dumasynda esasy syýasy güýç bolup galmaly.
XS
SM
MD
LG