Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Eýranyň subutnama haýyşyna goşuldy


Saud Arabystanynyň Waşingtondaky ilçisini öldürmek üçin dildüwşügiň bolandygyna subutnama getirilmegi baradaky Eýranyň haýyşyna Orsýet goşuldy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bu meseläniň jikme-jigini maslahatlaşmak üçin ABŞ-nyň öz wekillerini Moskwa ugradýandygyny aýtdy.

Mundan öň Eýranyň DIM-i şu iş boýunça tussag edilen, eýran-amerikan goşa raýatlygy bolan Mansor Arbabsiar bilen duşuşmaga mümkinçilik döretmek haýyşy bilen Eýran Amerikan bähbitlerine wekilçilik edýän Şweýsariýanyň ilçihanasyna ýüz tutupdy.

Eýran häkimiýetleri bu dildüwşüge gatnaşygyny üzül-kesil ret ýedýär.
XS
SM
MD
LG