Sepleriň elýeterliligi

Ierusalimde araçylar bilen duşuşygyň bolmagyna garaşylýar


Ysraýylyň we Palestinanyň wekilleri ýaraşyk gepleşiklerini ýaňadan ýola goýmak üçin halkara araçylary bilen 26-njy oktýabrda Ierusalimde duşuşar diýip, ÝB-niň daşary syýasat edarasynyň wekili Maýýa Kosýançiç Brýusselde mälim etdy.

Onuň sözlerine görä, “Ýakyn Gündogar dörtlügine” wekilçilik edýän diplomatlar taraplaryň ikisi bilen-de duşuşar. Şol “dörtlüge” BMG, ABŞ, ÝB we Orsýet girýär.

Iordan derýasynyň günbatar kenarynda gurulýan ýewreý obalary meselesi bilen bagly ysraýyl-palestin ýaraşyk gepleşikleri bir ýyl mundan öň petige diräpdi.
XS
SM
MD
LG