Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň Homs şäherinde çaknyşyklar dowam edýär


Duşenbe güni Siriýanyň Homs şäherinde çaknyşyklar ýaňadan başlandy.

Londonda ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklaryny goraýan toparynyň maglumatyna görä, bu ýerde azyndan 21 adam ölüpdir. Şäheriň birnäçe etrabyna tanklar getirilipdir.

Homsdaky çaknyşyklarda ölenleriň biriniň şu ýurtda ýaşaýan ukrain graždanydygyny Ukrainanyň ilçihanasy duşenbe güni tassyklady.

Regulýar goşun bilen çaknyşyklara oppozisiýanyň tarapyna geçen Siriýa harbylary-da gatnaşýar.

Häkimiýetler Homsda we beýleki şäherlerde “ýaragly terroristik toparlaryň hereket edýändigini” aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG