Sepleriň elýeterliligi

Owgan-pakistan serhedinde 9 serhetçi, 14 söweşiji öldi


Duşenbe güni owgan-pakistan serhedindäki Pakistanyň barlag-geçiriş nokadyna edilen hüjümde 9 sany pakistanly serhetçi we 14 yslam söweşijisi öldi.

Çaknyşyk Haýber welaýatynda boldy. Ol talyplaryň hem “Al-Kaýdanyň” iň aktiw hereket edýän ýedi etrabynyň biridir.

Haýber welaýatynyň üsti bilen Karaçi portundan Owganystandaky NATO güýçleri üçin ýük daşalýan ýerasty ýol geçýär.
XS
SM
MD
LG