Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwed raýatyna guşlara azar bereni üçin iş kesildi


Şwed sudy 39 ýaşly Pýer Ýohanssony haýwanlara gazaply daramakda hem bikanun aw etmekde günä bildirip, bir ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Bäş ýylda Ýohansson tor bilen 13 müňden gowrak guş tutupdyr. Şolaryň bir bölegini öz garažynda demir gözenekde saklapdyr. Şolaryň arasynda gyrgy, laçyn, daşdeşen, sülgün, guw, hatda durna ýaly guşlar hem bar.

Ýohansson sudda gyşyň aýazynda horlanan guşlara pena berendigini, olara hiç hili jebir ýetirmek islemändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG