Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wladimir Putin: Orsýetiň iň soňky şasymy?


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin
Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin
Kreml tarapyndan goldanylýan “Bütewi Orsýet” partiýasynyň iki hepde mundan ozal Moskwada geçirilen maslahatynda ýurduň premýer-ministri Wladimir Putin dekabrda Duma üçin geçiriljek saýlawlarda partiýanyň sanawynda öňbaşçy orunda häzirki prezident Dmitriý Medwedewiň bolmagyny teklip etdi.

Medwedew hem öz gezeginde muňa sahylyk bilen jogap berip, 2012-nji ýylyň martynda geçmeli prezidentlik saýlawlarynda “Bütewi Orsýet” partiýasyndan Putiniň kandidaturasyny hödürlemegi teklip etdi.

Şeýdip, tokmak torbadan çykdy: netije belli. Prezidentlik saýlawy eýýäm bolup geçdi.

Bu bir geň galmaly zat däl. Kremldäki elitanyň we FSB-niň baş edarasy Lubýankanyň ähli zatdan ýokarda durýan bir syýasy maksady bar. Ol hem kontrollygy öz elinde saklamak. Olaryň ýolbaşçylaryna, her zatdan öň hem ilkjinji nobatda Putine eden jenaýatlary üçin öz günäleriniň geçilmeginiň howpsuzlygyny gazanmak gyssagly gerek. Putiniň ýene bir gezek 12 ýyllap prezidentlik wezipesine gelmeginiň zerurlygynyň esasy sebäbi edil şu.

Orsýetde syýasatçylar wezipe başyndaka eden jenaýatlarynda eldegrilmesizlikden peýdalanýarlar. Ýöne teoretiki taýdan olary wezipe başyndan gidensoň, aýyplap bolýar. Wezipeden boşadyp bolmaýan, şol sebäpdenem günä bildirip bolmaýan ýeke-täk adam – prezident. Şeýlelikde, kynçylykdan gaçýan bolsaň, ýapyşmaly ornuň şol.

Putiniň jogap bermeli zatlary bolsa gaty köp. Onuň bu işden gaçmaga-da delilleri gaty köp. Orsýetiň 100 müň adam öldi diýip çaklanylýan ikinji çeçen urşuna gös-göni jogapkär Putin. Bu adamzadyň garşysyna edilen jenaýat, oňa genosid diýmäge-de delil köp.

Korrupsiýa

Orsýetde, aýratyn-da syýasy ýolbaşçylaryň arasynda, ýokary derejelere ýeten korrupsiýanyň bardygyny hemmeler bilýär.

Birnäçe ýyl mundan ozal syýasy analizçi Stanislaw Belkowskiý Germaniýanyň “Die Welt” gazetinde Putiniň “Gazpromda” 4,5 prosent, “Surgutneftegazda” 37 prosent, nebit söwdasyny edýän “Gunwor” kompaniýasynda hem 50 prosent paýynyň bardygyny ýazdy. Şol mahallar bu goýumyň bahasy 40 milliard dollar diýlip çaklanypdy. Ýöne soňky çaklamalar mundan 50 prosent ýokary. Şeýle bolanda, Putin dünýäde iň baý adam bolýar.

Başga sözler bilen aýdanyňda, sud jogapkärçiliginden gaçmaga Putine sebäp köp. Ol “6 ýyl möhlet bilen iki gezek yzly-yzyna prezident bolsam, hemmeler meniň eden jenaýatlarymy unudar ýa onuň bilen gyzyklanmaz ýa-da ýeterlik para alyp, dymar” diýip oýlanýan bolmaly. Ol şondan soň dünýäniň iň uly ýurdunda çärýek asyra golaý diktator hökmünde höküm sürüp, 71 ýaşynda syýasy sahnadan çekilmegi göz öňünde tutýandyr.

1999-njy ýylyň tomsunda çakdanaşa köp arak içip, saglyk ýagdaýyna zyýan ýeten Boris Ýeltsiniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanyp gelýärkä, oňa oruntutar tapmalydy. Ençeme premýer-ministr çalşylandan soň, ahyrsoňy awgust aýynda bu wezipä FSB-niň direktory Putin bellendi.

Kim gurnady?

1999-njy ýylyň dekabrynda Moskwada ýaşaýyş jaýlarynda birnäçe gijeläp bombalar partlap, 294 sany bigüna adam öldi. Putin derrew çeçen separatistlerini günäläp, Orsýetiň bu güýçsüz goňşusynyň üstüne goşun çekdi.

Ýöne Çeçenistanyň garşysyna täze urşa bahana tapmak, şeýdip hem Orsýetde asla tanalmaýan Putini 2000-nji ýylyň baharyna planlaşdyrylan saýlawda prezidentlik wezipesine getirmek üçin bu partlamalary FSB-niň özüniň amala aşyrandygy-da aýdylýar.

FSB-niň bu işde eliniň bardygyny ýazan žurnalistler Ýuriý Ýuşçenko, Sergeý Şekoçihin, Anna Politkowskaýa, Aleksandr Litwinenko dagylar öldürildi.

Orsýetiň Putinden öňki premýer-ministri Sergeý Stepaşin 2-nji çeçen urşunyň 1999-njy ýylyň martynda Putin direktorka FSB tarapyndan planlaşdyrylandygyny mälim etdi.

Garaşylyşy ýaly, Orsýet Çeçenistanyň garşysyna täzeden urşa başlady. Ýeltsin 1999-njy ýylda täze ýylyň bosagasynda wezipeden çekilip, Putin ilki ýerine ýetirji prezident, birnäçe aý soňra hem prezident boldy.

Ýöne ençeme habar serişdelerinde, şol sanda Britaniýanyň “The Times” gazetinde hem bu saýlawda Putiniň bähbidine gödek galplaşdyrmalaryň bolandygyny görkezýän dokumental subutnamalaryň bolandygyny-da bellemek gerek.

Iwar Amundsen “Çeçen parahatçylyk forumynyň” müdiri. Bu kommentaride öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG