Sepleriň elýeterliligi

Putin prezidentlige dolanmagynyň möhümdigini aýdýar


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň syýasatyny tankytlaýanlar Putiniň prezidentlik wezipesine gaýtadan dolanyp gelmegi netijesinde ýurduň 2024-nji ýyla çenli durgunlyga uçramagynyň, şeýle-de onsuzam basyş astyndaky graždan azatlygyna edilýän hüjümiň güýçlenmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Her niçigem bolsa “Bütewi Orsýet” partiýasy tarapyndan prezidentlige kandidat hökmünde hödürlenensoň, özüniň beren ilkinji möhüm interwýusynda Putin özüniň üçünji möhlete prezident saýlanmagynyň ýurda derwaýys durnuklylygy getirjekdigini aýtdy:

—Haçan-da ýurt kyn ýagdaýda wagty, haçan-da krizisiň hötdesinden gelmek üçin tagalla edilýän mahaly, haçan-da döwlet öz aýagyna galmak ugrunda jan edýän döwri, syýasy sistemada durnuklylyk elementleri örän möhüm. Biz döwletiň dargamagyny başdan geçirdik. Sowet Soýuzy ýykyldy. Sowet Soýuzy näme? Ol Orsýet, ýöne başgaça atlandyrylýardy. Biz 90-njy ýyllaryň örän çylşyrymly döwrüni başdan geçirdik. Diňe 2000-nji ýyllardan aýak üstüne galyp başladyk. Içerki dünýämizi dikeltdik. Ýagdaýy durnuklylaşdyrdyk. Elbetde, bize durnukly ösüş döwri gerek.

Orsýetiň başynda iki möhlet prezident bolup oturan Putiniň syýasy garşydaşlarynyň we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň bellemegine görä, durnuklylyk üçin baha juda gymmada durýar. Muňa saýlawlaryň galplaşdyrylmagy, habar serişdelerini berk gözegçilikde saklamak we graždan azatlygyna hüjüm edilmegi girýär.

Orsýetiň üç telekanalynda berlen interwýuda Putin syýasy garşydaşlarynyň “ähli zat şeýle bir erbet welin, mundan artyk hiç ýaramazlaşyp bilmez” diýen garaýyşlaryna şeýle diýdi:

—Men “mundan artyk hiç ýaramazlaşyp bilmez” diýmekden saklanardym. Iküç sany ýalňyş ädimiň netijesinde öňki bolan hemme zatlar bizi ýaňadan şeýle bir tiz gurşap alar welin, bize göz aýlamaga-da maý bolmaz.

KGB-niň ozalky ofiseri, soňra FSB-e öwrülen bu gullugyň başlygy bolan, indi ýeserlik bilen özüni aşa wajyp hem edermen edip görkezmek isleýän 59 ýaşly Putin interwýunyň dowamynda özüni Ikinji jahan urşundan soň, ýurduň “iň köp zähmet çeken” lideri diýip öwdi. Onuň sözlerine görä, sowet döwrüniň liderleriniň ýurdy öz edara edişi ýaly dolandyrmaga fiziki mümkinçiligi-de, “islegi-de” bolmandyr.

Putiniň interwýunyň dowamynda aýtmagyna görä, mundan “dört ýyl ozal” häzirki prezident Dmitriý Medwedew bilen Putiniň prezidentlige dolanyp gelmeginiň mümkindigi barada özara ylalaşypdyrlar.

Interwýu geçirenleriň biriniň Günbataryň Putini “gyrgy” diýip atlandyrmagyna nähili garaýandygy baradaky soragyna Putin: “Birinjiden-ä, gyrgy bir kiçijek oňat guş. Üstesine-de, men adam. Onsoňam men her dürli atlandyrmalara garşy” diýip, jogap berdi.

Soňra Putin öz daşary ýurtlardaky tankytçylaryna açyk bir habar ýollady, ýagny olara: “Bilýäňizmi näme, öz işiňiz bilen boluň!” diýdi.
XS
SM
MD
LG