Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejad Eýran dildüwşüginiň ýalandygyny aýdýar


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejadyň aýtmagyna görä, Saud Arabystanynyň Waşingtondaky ilçisini öldürmek dildüwşügine Tähranyň ilteşiginiň bardygy boýunça Amerikanyň bildirýän aýyplamalary Yrakda köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň bardygy boýunça edilen çaklamara meňzeýär.

Ahmedinejad “Al-Jazeera” telekanalyna beren interwýusynda Birleşen Ştatlar bu dildüwşügi Eýran bilen Saud Arabystanynyň özara gatnaşyklaryny bozmak maksady bilen toslandygyny aýtdy.

Mundan öň, Amerikanyň federal sudy Saud Arabystanynyň Waşingtondaky ilçisini öldürmek synanyşygyny gurnamak boýunça iki adama aýyplama bildiripdi. Bularyň biri Amerikada tussaglykda saklanýar. Aýyplananlaryň beýlekisi Eýranyň rewolýusiýa sakçylarynyň ýokary derejeli resmisi.

Britaniýa güman edilýän bu dildüwşük bilen baglylykda bäş adamyň, şol sanda iki aýyplanýanyň hem serişdelerini doňdurdy.
XS
SM
MD
LG