Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dawutoglu Siriýanyň oppozisiýasy bilen duşuşdy


Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu duşenbe güni Ankarada Siriýanyň oppozisiýadaky Milli geňeşiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada türk mediasy habar berýär.

Habara görä, Dawutoglu Siriýanyň oppozisiýa wekillerini demokratik özgerişlik üçin “asuda ýagdaýda” hereket etmäge çagyrypdyr.

Siriýanyň Milli geňeşi ýurduň oppozisiýa güýçleriniň giň hereketini özünde jemläp, ol geçen aý Stambulda döredilipdi. Geňeş häzire çenli hiç bir ýurt tarapyndan Siriýanyň kanuny hökümeti hökmünde ykrar edilmedi.

Siriýada prezident Başar al-Assada we onuň režimine garşy ýedi aý töweregi wagt bäri protestler geçirilýär. BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, protestlerde häzire çenli 3,000 töweregi adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG