Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda aktiwistler türmede galdyryldy


Sişenbe güni Azerbaýjanyň sudy 2-nji aprelde Bakuwyň merkezinde geçirilen rugsatsyz miting bilen bagly tussag edilen oppozisiýa aktiwistlerini bendilikde saklamak kararyna geldi. Şeýlelikde, oppozisiýanyň şikaýatyny Bakuwyň aklaýyş sudy kanagatlandyrmady.

Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň habarçysynyň beren maglumatyna görä, sud “Musawat” partiýasynyň aktiwisti Elşan Gasanowyň jezasyny iki ýyldan bir ýyla getiripdir.

Bir ýarymdan üç ýyla çenli tussaglyga höküm edilen beýleki bäş aktiwistiň oturmaly möhleti öňküligine galdyrylypdyr. Oppozisionerler jemgyýetçilik düzgünini bozmakda aýyplandy.

Demokratik reformalar geçirmegi talap eden aprel aýyndaky mitingden soň Bakuwda ýene sekiz adama iş kesilipdi.
XS
SM
MD
LG