Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Peterburgda erkin söwda zolagy dokumentleşdirildi


Hepdäniň sişenbe güni GDA ýurtlarynyň sekizisiniň hökümet başlyklary Peterburgda erkin söwda zolagy baradaky şertnama gol çekdiler. Olar Orsýet, Ermenistan, Moldowa, Ukraina, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Belarusdyr.

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan şertnama gol çekmeseler-de, ýylyň ahyryna çenli bu meselä seretjekdiklerini aýtdylar.

Orsýetiň hökümet başlygy Wladimir Putin uzak gepleşikleriň netijesinde garaşylmadyk ylalaşyga gelnendigini aýtdy.

Putin şuňa menzeş ylalaşyga 1994-nji ýylda GDA ýurtlarynyň gol çekendigini, ýöne Orsýeti goşmak bilen arkalaşygyň ýurtlarynyň ençemesiniň bu dokumenti tassyklamandygyny, şonuň üçinem onuň hereketsiz galandygyny ýatlatdy.
XS
SM
MD
LG