Sepleriň elýeterliligi

Beýik Britaniýa 5 eýranlynyň aktiwlerini doňdurdy


Beýik Britaniýa Eýranyň bäş graždanynyň, şol sanda Waşingtondaky Saud Arabystanynyň ilçisiniň janyna kast edişligi gurnamakda aýyplanýan iki adamyň aktiwlerini doňdurdy.

Britaniýanyň daşary işler ministri Uilýam Heýg “Roýter” agentligine beren interwýusynda Ýewropanyň beýleki döwletlerini-de şeýle ädime çagyrdy.

Geçen hepde ABŞ dildüwşügiň üstüniň açylandygyny, iki adama aýyplama bildirilendigini, şolaryň biri Golam Şakuriniň Eýranyň yslam rewolýusiýasynyň sakçylar korpusy bilen baglydygyny yglan etdi.

Eýran dildüwşüge özüniň gatnaşygyny inkär edýär.
XS
SM
MD
LG