Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Orsýetiň “Transhazar” wetosyny ret edýär


Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy ýurduň energiýa pudagynda Ýewropa Bileleşigine ýakynlaşmagy bilen bagly Orsýetiň resmileriniň saýlap alan pozisiýasyna düşünmeýändigini, geň galýandygyny mälim edýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 18-nji oktýabrda ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

2008-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk barada Memoranduma gol çekildi. Şondan bäri yzygiderli Türkmenistan-ÝB duşuşyklary geçirilýär. 12-nji sentýabrda ÝB “Transhazar” gaz turbasyny gurmak baradaky gepleşikleri geçirmäge Ýewrokomissiýanyň mandatyny tassyklady. Şol waka gepleşikleriň başlanmagyna badalga berdi.

Ýöne Orsýetiň käbir resmileriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň reaksiýalary düşünişmezlik döredýär. “Türkmenistan gaz geçiriji proýektleriniň syýasylaşdyrylmagyna düýbünden garşydygyny ençeme gezek mälim etdi” diýip, Türkmenistanyň DIM-niň beýanatynda bellenýär.

Dokumentde Orsýetiň “Transhazar” boýunça pozisiýasynyň ters netije berýändigi, Türkmenistanyň ýüze çykýan meseleleri gyzyklanýan taraplar bilen göni we açyk maslahatlaşmaga taýýardygy nygtalýar.
XS
SM
MD
LG