Sepleriň elýeterliligi

Howpsuzlyk Geňeşindäki ornuň üstünde bäsleşik


Akramyň aýtmagyna görä, Geňeşden bir orun gazanmak syýasy hem diplomatik üstünlikdir. Sebäbi bu ýurduň dünýä işlerine edýän täsirini artdyrýar.

Akramyň aýtmagyna görä, Geňeşden bir orun gazanmak syýasy hem diplomatik üstünlikdir. Sebäbi bu ýurduň dünýä işlerine edýän täsirini artdyrýar.

Gyrgyzystan bilen Pakistanyň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşindäki bir ornuň üstünde güýçli bäsleşik barýar.


BMG-niň Baş Assambleýasy 21-nji oktýabrda iki ýyllyk möhlet bilen bäş sany hemişelik däl agzany saýlaýar. 15 agzaly Geňeşiň häzir aziýa we arap blogunyň kürsüsinde oturan Liwanyň iki ýyllyk möhleti üstümizdäki ýylyň aýagynda soňlanýar. Bişkek bilen Yslamabadyň arasyndaky dalaş şu orny eýelemek ugrunda.

1992-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasyna agza Gyrgyzystan Howpsuzlyk Geňeşinden bir orna ymtylýandygyny 1997-nji ýylda birldirse-de, bu onuň alan ilkinji resmi arzalygydyr. Pakistan bolsa 1947-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy. Ilat sany taýdan dünýäniň 6-njy ýurdy bolan Pakistan ozal Geňeşde iki ýyllyk möhlet bilen alty gezek hyzmat etdi.

Munir Akram 2002-nji ýyldan 2008-nji ýylyň aýagyna çenli Birleşen Milletler Guramasynda Pakistanyň hemişelik wekili boldy, iki gezek hem Howpsuzlyk Geňeşine prezidentlik etdi. Akramyň aýtmagyna görä, Geňeşden bir orun gazanmak syýasy hem diplomatik üstünlikdir. Sebäbi bu ýurduň dünýä işlerine edýän täsirini artdyrýar.

Akramyň pikiriçe, Pakistanyň Howpsuzlyk Geňeşinden orun almak şansy örän ýokary:

—Pakistan bir uly ýurt. Şeýle hem Howpsuzlyk Geňeşiniň gün tertibindäki meselelerde onuň möhüm milli bähbitleri bar. Gyrgyzystanyň bolsa Pakistanyňky ýaly halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna goşan goşandy asla ýok. Pakistan BMG-niň parahatçylygy goramak baradaky operasiýalaryna esger taýdan iň ýokary goşandy goşýar. Meniň pikirimçe, iki ýurduň goşýan we goşup biljek goşantlarynyň arasyndaky tapawut gaty güýçli, gaty aýdyň.

Kiçi we deňze ýapyk

Gyrgyzystanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Talaibek Kydyrow

Gyrgyzystanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Talaibek Kydyrow

​Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk Geňeşinde orun almak ugrunda dalaş etme niýetiniň bardygyny prezident Roza Otunbaýewa 22-nji sentýabrda Baş Assambleýada eden çykyşynda bildiripdi:

—Gyrgyz respublikasy deňze ýoly ýok ýurtlaryň hatarynda durýan, häzir geçiş döwrüni başdan geçirýän ykdysadyýetli kiçi ýurtlaryň biri, demokratiýasy entek ýaş, ilaty köp dinli bir ýurt hökmünde Howpsuzlyk Geňeşinde ýurtlaryň ähli kategoriýalaryna wekilçilik edilmeginiň zerurdygyny goldaýar.

Gyrgyzystanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Talaibek Kydyrow hem 5,5 million ilatly Gyrgyzystanyň saýlanan halatynda Birleşen Milletler Guramasyna agza kiçi we deňze ýoly ýok ýurtlaryň hemmesine wekilçilik etjekdigini aýdýar:

—Biz Gyrgyzystanyň kiçi, ösüp gelýän, deňze ýoly ýok, daglyk ýurtdugyny nygtaýarys. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň hem ýarpysyndan gowragy kiçi, ösüp gelýän ýurtlar. Biziň örän köp umumy bähbitlerimiz bar. Şol sebäpden bu babatda kiçi we ösüp gelýän ýurtlaryň goldawyny gazanmaga üns berýäris.

Howpsuzlyk Geňeşinden orun gazanmak üçin 193 döwletiň umumy ýygnagynda sesleriň 2/3 bölegini almak gerek. Baş Assambleýada weto hukugy ýok. Anna güni geçýän ses berişlikde 10 sany hemişelik däl agzalaryň bäşisi saýlanar. Bu ýyl orun gazanmak ugrunda Ýewropadan dalaşa girişenleriň biri Azerbaýjan.

Geňeşiň weto hukukly hemişelik bäş agzasy bolsa: Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Britaniýa, Fransiýa, Hytaý we Orsýet.
XS
SM
MD
LG